Sep 22, 2021 10:51 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

20-nji sentýabrda ,Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.

Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti  mejlisiň gün tertibini yglan edip, bu döwletiň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň ýetip gelýändigini belledi.
 Prezident  Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri şanly sene — Watanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we mundan 30 ýyl ozal dünýäniň syýasy kartasynda Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň peýda bolandygyny belledi. Şu döwürde ýurtda dünýä ýaň salan ägirt uly işler bitirilip, ähli ugurlarda asyrlara barabar ýol geçildi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda, uly halkyň aň-düşünjesinde ägirt uly özgerişler bolup geçdi. Döwlet Garaşsyzlygy milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, müňýyllyklardan gözbaş alyp, nesilden-nesle geçip gelýän parahatçylyk, dostluk we belent ynsanperwerlik däpleri  Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrmaga mümkinçilik berdi.
Biz mähriban halkymyzyň jebisligine, agzybirligine, ägirt uly döredijilik we zähmet başlangyçlaryna, ýurdumyzyň kuwwatly mümkinçiliklerine daýanyp, berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, her bir raýatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyryp, bäsleşige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasyny döretdik diýip, döwlet Baştutany  sözüni dowam etdi.
Milli Lider mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen, eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň uly baýramlaryň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini aýtdy we beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ç.Amanowa söz berildi. Ol bu toparyň jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçiren işleri barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Permanlara gol çekdi. Oňa laýyklykda, iş kesilen raýatlarymyzyň 2058-si we daşary ýurtly raýatlaryň 6-sy Garaşsyz, berkarar Watanymyzyň şanly baýramy mynasybetli mundan beýläk jeza çekmekden boşadyldy.
 Prezident  Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisiň ahyrynda, oňa gatnaşanlary  Garaşsyzlygynyň şanly ýubileýi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Tags