Sep 25, 2021 10:20 Asia/Ashgabat
  • Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdi.

2021-iň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşen BMG-niň Ştab-kwartirasynda geçen hepdede açylan 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdi.

 
  
Şu ýyl çäreleriň onlaýn hem-de oflaýn görnüşlerde geçirilýändigini bellemek gerek. Bu ýagdaý Ýer ýüzünde dowam edýän COVID-19 pandemiýasy bilen şertlendirilendir. Şu hepde — BMG-de döwletleriň we hökümetleriň baştutanlarynyň gatnaşmagynda Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň umumy geňeşmeleriniň hepdesi.
 
2021-nji ýylda döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýän Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde strategik häsiýete eýe bolan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi ugur edinýändigini iş ýüzünde tassyklaýar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň gün tertibinde halkara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny öz içine alýan meseleleriň giň topary bar. Esasy temalaryň hatarynda bolsa dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki zamanyň ählumumy wehimlerine we howplaryna garşy hereket etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ekologiýa we beýleki meseleler durýar. Pandemiýa garşy göreşmek hem-de netijeli köptaraplaýyn usullary işläp düzmek arkaly onuň täsirlerini ýeňip geçmek meselesine aýratyn üns berilýär.

TürkmenistanyňPrezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny we anyk başlangyçlaryny beýan etdi. Häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça has kabul ederlikli çözgütleri gözläp tapmak hem-de ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklary ösdürmekde tagallalary birleşdirmek şol başlangyçlaryň esasy maksadydyr.

Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny hem-de ählumumy foruma gatnaşyjylary mübärekläp, ilki bilen, jenap Abdulla Şahidi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň Başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlady hem-de oňa bu jogapkärli wezipede üstünlikleri arzuw edip, Türkmenistanyň oňa hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine we goldaw berjekdigine ynandyrdy.

Şeýle hem  Prezident  Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Wolkan Bozkyra 75-nji mejlisiň Başlygy hökmünde başarjaň we netijeli işi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen Döwlet Baştutany  mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, dünýäniň häzirki ýagdaýy, syýasy, ykdysady, durmuş prosesleriniň häsiýeti we aýratynlyklary umumy baş maksada ýetmek ugrunda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, mundan beýläkki okgunly ösüşi, häzirki zaman dünýä tertibiniň binýadynda goýlan hukuk we institusional esaslary saklamak üçin şertleri üpjün etmegiň bähbidine döwletleriň hem-de iri halkara guramalaryň has ysnyşykly we utgaşykly gatnaşyklaryny talap edýär diýip belledi.

Şeýle gatnaşyklaryň netijeliliginiň derejesi köp babatda milli bähbitleriň hem-de ählumumy maksatlaryň we ileri tutulýan ugurlaryň arasynda umumy pikire gelnip bilinmegi bilen kesgitleniler diýip,  Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Çemeleşmelerdäki we garaýyşlardaky çaprazlyklary, gapma-garşylyklary ýeňip geçmek bilen, strategik, uzak möhletli ösüş wezipelerini, ýiti umumydünýä — ekologiýa, energetika, azyk, suw serişdelerini adalatly paýlamak, garyplygy aradan aýyrmak, tebigy betbagtçylyklardan goranmak, terrorçylyga, neşe serişdeleri bilen bagly howplara, beýleki wehimlere garşy göreşmek meselelerini çözmekde biziň — dünýä bileleşiginiň agzalarynyň jogapkärçiligi, öňdengörüjiligi, syýasy erki ýeterlikmikä?

Munuň özi täze görnüşli howply ýokanja garşy göreşmek hem-de onuň ýaýramagy netijesinde ýüze çykan durmuş-ykdysady täsirleri azaltmak meselesine hem doly derejede degişlidir diýip, Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Dogrusyny aýtmak gerek: dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalary entek ýeterlik däldir. Galyberse-de, pandemiýa bu wehime garşy halkara derejede göreşmegiň gurallarynda düýpli ulgamlaýyn näsazlyklary ýüze çykardy diýip, Berdimuhamedow diňe ähli agza döwletleriň we BMG-niň düzümleriniň birleşmeginiň umumy howpa garşy göreşmekde üstünlik gazanmak üçin şertleri üpjün etjekdigine ynam bildirdi. Şunda koronawirus meselesini syýasylaşdyrmaga, ony döwletara gatnaşyklarda täsir etmegiň guraly hökmünde ulanmaga orun bolmaly däldir.

 Prezident  Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda umumy wehimlere garşy durmakda utgaşykly, özara ylalaşykly jogaplary işläp taýýarlamak boýunça köptaraplaýyn gepleşikleriň esasy meýdançasy bolup durýandygyny nygtap, Türkmenistanyň ozal öňe süren, ylmy diplomatiýa ugry boýunça köptaraply hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlaryny ilerletmegi dowam etmäge taýýardygyny tassyklady 

Tags