Oct 14, 2021 15:21 Asia/Ashgabat
  • Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2021-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ruben Harazýan bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de dürli derejede ikitaraplaýyn duşuşyklary guramagyň wajyplygyny bellediler.

Duşuşygyň barşynda Ermenistan Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini bu jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ministr oňa täze bellenen wezipesinde üstünlikler arzuw etdi.

Öz gezeginde, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek ugrunda öz tarapyndan ählitaraplaýyn tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.