Oct 15, 2021 19:15 Asia/Ashgabat
  • Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly mejlisi geçirildi

2021-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly mejlisi geçirildi.

Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti I.Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žaparow, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti G.Berdimuhamedow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Paşinýan, Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri N.Gawrilisa, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy-ýerine ýetirji sekretary S.Lebedew gatnaşdylar.

Işjeň ýagdaýda gepleşikleriň dowamynda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň liderleri halkara we sebitleýin gün tertibiniň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. GDA-nyň döredilmeginiň ýubileý ýylynda geçirilýän bu sammitiň çäklerinde Arkalaşygyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeleri jemlendi hem-de onuň geljekki ösüşiniň mümkinçiliklerine garaldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda gatnaşyjylary GDA-nyň 30 ýyllyk ýubileýi bilen gutlap, “Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etmäge ählitaraplaýyn taýýardyr. Şu günki günde Arkalaşyk öz işjeňligini, howplary we gapma-garşylyklary jogapkärçilikli ýollar bilen ýeňip geçmegi başarýandygyny subut edýär hem-de döwletara gatnaşyklaryň wajyp guraly bolup hyzmat edýär” diýip belledi.

Ol GDA-nyň ykdysady ugurlarynyň we gyzyklanmalarynyň Arkalaşygyň geografik çäklerinden daşary öňe sürülmeginiň hem-de ýanaşyk ýurtlaryň, goňşy sebitleriň bilelikdäki taslamalaryna integrirlenmeginiň wajyplygyny nygtady. Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, bu, ilkinji nobatda, ulag-üstaşyr infrastrukturany döretmeklige, energogöterijileriň üpjünçiligini işjeňleşdirmeklige we giňetmeklige, aragatnaşygyň we kommunikasiýalaryň täze ugurlarynyň çekilmegine degişlidir.

GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň barşynda üstümizdäki ýylda ýerine ýetirilen bilelikdäki işleriň jemleri jemlendi, geljekki döwür üçin ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi. Gatnaşyjylar şu ýyl Arkalaşykda başlyklygy üstünlikli ýerine ýetirýändigi üçin Belarus Respublikasyna minnetdarlyk bildirdiler hem-de 2022-nji ýylda başlyklygyň Gazagystan Respublikasyna geçýändigini hoşallyk bilen kabul etdiler.

Ýokary derejeli duşuşygyň netijeleri boýunça gatnaşyjylar bilelikdäki özara gatnaşyklaryň ynsanperwer, hukuk goraýyş, migrasiýa we beýleki pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy boýunça birnäçe çözgütleri kabul etdiler.

Türkmen tarapy GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň “2022-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek hakynda”, “GDA-nyň 30 ýyllygy mynasybetli GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Beýannamasy hakynda”, “Biologik howpsuzlygy üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Beýannamasy hakynda”, “Moldowa Respublikasynyň Komrat şäheriniň 2023-nji ýylda Arkalaşygyň Medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegi hakynda” Çözgütlerine gol çekdi.

Tags