Oct 19, 2021 21:24 Asia/Ashgabat
  • Aşgabatda Türkmenistanyň 26-njy halkara nebit we gaz konferensiýasy geçirilýär

Energetika pudagynda dürli kompaniýalaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň halkara 26-njy Nebit we gaz konferensiýasy Aşgabatda geçiriler.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, 27-nji oktýabrdan 28-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Türkmenistanyň nebit we gaz boýunça 26-njy halkara konferensiýasy geçirler we onuň gdişinde Dünýädäki iň uly gury ýer gaz ýatagy bolan Galkynyş gaz ýatagynyň ösüşiniň geljegi, maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegiň soňky tendensiýalary, tebigy gaz energiýanyň arassa energiýa geçirişindäki roly we ş.m. ara alnyp barlanylar.

Iki gün dowam etjek bu ýygnak, global ýangyç we energiýa ösüş tendensiýalary, gury ýerde we deňizdäki nebit maýa goýum taslamalary ýaly köp sanly iş temasy we gyzyklanmalar boýunça çykyş edýänleriň toparyny öz içine alar.

bu ýygnagyň hemaýatkärlerinden biri, Birleşen Arap Emirlikleriň milli nebit kompaniýasynyň (ENOC) garamygynda işleýän kärhanasy Dubaýda ýerleşýän Dragon Oil kompaniýasydyr.

Tags