Oct 25, 2021 22:11 Asia/Ashgabat
  • TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ PREZIDENTLERI ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2021-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi.

Saparynyň birinji güni Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde Döwlet ýolbaşçylary naýbaşy ahalteke bedewlerine syn etdiler.

Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ajaýyp çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Saparyň ikinji güni, 25-nji oktýabrda ir bilen ýokary derejeli myhman onuň üçin niýetlenen rezidensiýasyndan Aşgabadyň merkezinde ýerleşen Garaşsyzlyk Meýdançasyna ugrady. Bu ýerde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra iki ýurduň Baştutanlary özleri üçin ýörite niýetlenen ýere geçýärler. Bu ýerde myhmany resmi garşy almak dabarasy geçirilýär.

Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasynyň tamamlanmagyndan soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilýän otagyna çagyrýar, bu ýerde «ikiçäk» görnüşde ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi.

Iki dostlukly ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriniň barşynda bellenilişi ýaly, Gazagystanyň Prezidentiniň Aşgabada sapary soňky ýyllarda hil taýdan täze dereje çykan hem-de mazmun taýdan baýlaşdyrylan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde nobatdaky netijeli ädim bolar. Prezidentler taraplaryň umumy gyzyklanmalara doly laýyk gelýän önjeýli gatnaşyklaryň has hem giňeldilmegi üçin ähmiýetli mümkinçilikleriniň bardygyny belläp geçdiler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Kasym-Žomart Tokaýew şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma eýe bolan derwaýys meseleleriniň ençemesi boýunça hem pikirleri alyşdylar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetiniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Taraplar iki ýurduň uzakmöhletleýin we strategiki özara hereketleriniň ösdürilmegi we giňeldilmegi üçin ähmiýetli mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar. Ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlary babatynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň difersifikasiýasynyň giň mümkinçilikleri hakynda hem pikir alyşyldy.

Giňeldilen düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Taraplar iki ýurduň serhet we gümrük pudagyndaky özara hereketlerini, raýat goranyşy, oba hojalygy, daşky gurşawyň goragy, halkara awtomobil ýük daşamalary, demirýol ulagy, söwda, statistika, bilim, maglumat hem-de medeni alyş-çalyş ugry, şeýle-de durmuş-zähmet ulgamy boýunça özara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine gönükdirilen 20 sany ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra iki ýurduň Döwlet ýolbaşçylary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Döwlet baştutanlary gepleşikleriň barşynda sebit derejesinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy bilen bagly meselelere aýratyn üns berilendigini bellediler. Taraplaryň ikisiniň hem ikitaraplaýyn, şeýle-de abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde gaýragoýulmasyz meseleleriniň derwaýys çözgüdi babatynda ysnyşykly özara hereket etmek barada ylalaşyga gelendikleri nygtaldy.

KHBS ýüzlenme tamamlanandan soňra Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

Soňra Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Aşgabadyň «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna bardy we «Baky Şöhrat» ýadygärligine gül çemenini goýdy hem-de «Watan mukaddesligi» muzeýine baryp gördi.

Soňra Gazagystanyň Prezidentiniň ulag kerweni Türkmenistanyň Garaşsyzyk binasyna ugrady, bu ýerde belent mertebeli myhman gül çemenini goýdy we Hormatly myhmanlaryň seýligähinde agaç nahalyny oturtdy.

Tags