Oct 27, 2021 20:11 Asia/Ashgabat
  • AŞGABATDA «TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY-2021» ATLY 26-njy HALKARA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

27-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda gibrid görnüşde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2021» (OGT 2021) atly ХХVI halkara maslahaty öz işine başlady.

Türkmenistanyň daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen nebitgaz ulgamyndaky gatnaşyklaryny berkitmeklige we ösdürmeklige ýardam berýän her ýyl geçirilýän bu abraýly işewürlik forumynyň maksady – geljekde energetika ulgamyny durnukly ösdürmek boýunça gatnaşyklary berkitmek, ählumumy energiýa ulgamyndaky soňky ösüş dessurlaryna syn bermek, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek mümkinçiliklerini giňeltmek.

Türkmenistanyň Prezidentiniň maslahatyň gatnaşyjylaryna ýollan gutlagynda bellenilişi ýaly, nebitgaz senagatyny ösdürmek Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy. Türkmenistan döwletiniň amala aşyrýan energetika strategiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň  uglewodrod serişdelerini halkymyzyň we beýleki ýurtlaryň halklarynyň bähbidine gönükdirmek babatda alnyp barylýan işler öz oňyn netijesini berýär. Şeýle-de Türkmenistanyň döwlet Baştutany öz gutlagynda bu ýurdyň dünýäde energiýa serişdelerini köp möçberde iberýän döwletleriň biri bolmak bilen, bu serişdeleri daşary ýurtlara ibermegiň durnukly halkara ulgamlaryny döretmegiň tarapdarydygyny belledi.

Bu abraýly halkara forum «Тürkmengaz», «Тürkmennebit» Döwlet konsernleri we «Тürkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasy tarapyndan «Тürkmenforum» hojalyk jemgyýeti, «TAPI Pipeline Company Ltd», «NaPeCo» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda «GaffneyCline» we «SOCAR» kompaniýalarynyň goldamagynda gurnaldy.

28-nji oktýabra çenli dowam etjek ýokary derejeli maslahatynyň işine Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşýarlar. Foruma göni wideoaragatnaşyk arkaly dünýäniň 100-e golaý öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň we 32 sany döwletden bank wekilleri hem gatnaşýarlar.

Bu maslahatda türkmen tarapyndan gatnaşyjylardan başga, Ýewropa Ykdysady Hartiýasynyň Sekretariatynyň Baş sekretary, Nebiti eksport edýän ýurtlar guramasynyň Baş sekretary, Global gaz merkeziniň başlygy we «GAZNAT SA» kompaniýasynyň Baş direktory, Nebit inženerleri jemgyýetiniň prezidenti, «CNPC», «Lukoýl», «ARETI» kompaniýalarynyň prezidentleri, «Dragon Oil» we «PETRONAS» kompaniýalarynyň Baş ýerine ýetiriji direktorlary, «SOCAR Trading SA» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistandaky söwda wekili, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, Ýewropa Bileleşiginiň we ÝHHG-niň Türkmenistandaky Ilçileri, Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň direktory, daşary ýurt bilermenleri we ylmy işgärleri, şeýle-de kompaniýalaryň beýleki wekilleri öz çykyşlaryny beýan etdiler.

Maslahatyň dowamynda energetikanyň geljegi, iri sebitleýin taslamalaryň amala aşyrylyşy, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy, täze gaz-himiýa taslamalarynyň geljekki mümkinçilikleri, gury ýerde we deňizde maýa goýum mümkinçiliklerine syn, ýangyç-energetika ulgamynyň ösüşiniň ählumumy ösüş dessurlary, dünýäde iň iri Galkynyş gaz känini özleşdirmek mümkinçilikleri, arassa energiýa geçmekde tebigy gazyň orny ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň barşynda tejribe alyşmak hem-de gatnaşyjylary Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda amala aşyrylýan esasy taslamalaryň ýagdaýy bilen tanyşdyrmak üçin prezentasiýalar we panel mejlisler görkezildi.

 

Tags