Nov 14, 2021 20:44 Asia/Ashgabat
  • Berdimuhamedow, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň prezidentleri bilen gatnaşyklaryny ösdürmek barada gürrüň etdi

Türkmeniň prezidenti Stambulda türk we gyrgyz kärdeşleri bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Fars habar gullugynyň ýekşenbe güni beren habaryna görä, Türkmeniň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedowyň Stambulda geçirilen türk dilli döwletleriň başlyklarynyň sammitiniň çäginde Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren duşuşygynda Syýasy we diplomatik gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi, şeýle hem ylym, bilim, ulag we logistika ugurlarynda bilelikdäki işleriň giňeldilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen prezidenti Gyrgyzystanyň prezidenti Sadir Jabarow bilen hem duşuşyp, ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdy.

Tags