Nov 25, 2021 14:30 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň BSG agza bolmak üçin islegi

Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak üçin bu guramanyň baş müdirine ýüz tutdy.

Fars habarlar gullugynyň habaryna görä, bu isleg Türkmenistanyň premýer-ministriniň orunbasary Serdar Berdymuhamedowyň tarapyndan Türkmenistanyň Ženewadaky BMG-nyň hemişelik wekili Atageldi Haljanow arkaly BSG-nyň baş müdiri Angie Okunjai Iola gowşuryldy.

Hasabata görä, bu haýyş 2021-nji ýylyň 30-njy noýabryndan 3-nji dekabry aralygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriljek on ikinji ministrlik konferensiýasynda Bütindünýä söwda guramasynyň agzalary we synçylary tarapyndan serediler.

Türkmeniň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammet Geldi Serdarow Şweýsariýa barar we konferensiýanyň umumy mejlisinde çykyş eder. Türkmenistan 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Bütindünýä Söwda Guramasyna kabul edildi.

Tags