Nov 26, 2021 20:42 Asia/Ashgabat
  • AŞGABATDA YHG-NYŇ MINISTRLER GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ ÖŇÜSYRASYNDA ÝOKARY WEZIPELI ŞAHSLARYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen tarapynyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza-ýurtlarynyň Ýokary wezipeli şahslarynyň mejlisi geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew ýolbaşçylyk etdi.

Çäräniň gün tertibine Ministrler Geňeşiniň 25-nji mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri, YHG-nyň Baş sekretarynyň hasabatyna hem-de YHG-nyň sebitleýin taslamalary boýunça tekliplere (2021-2022-nji ýyllar), YHG-nyň Geljeginiň 2025: Ösüş we baha bermek atly Ortamöhletli synyna seretmek, şol sanda YHG-nyň arassa energiýa boýunça Merkeziniň döredilmegi baradaky Hartiýasynyň kabul edilmegi ýaly ugurlar girizildi. Şeýle hem Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli nobatdaky Sammitiň hem-de Ministrler Geňeşiniň mazmun taýdan baýlaşdyrylmagy hem ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy ugurlarynyň hatarynda boldy.

Mejlisiň başynda oňa gatnaşyjylar YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziriniň çykyşyny diňldiler.

Şeýle-de YHG-nyň Ýöriteleşdirilen agentlikleriniň, sebitleýin institutlarynyň hem-de degişli edaralarynyň ýyllyk hasabatlary diňlendi. Guramanyň Sekretariatynyň administratiw we maliýe meselelerine seredildi, hususan hem YHG-nyň Sekretariatynyň 2022-nji ýyl üçin býudjetine garaldy.

YHG-nyň nobatdaky 15-nji Sammitine görülýän taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, mejlise gatnaşyjylar ýokary derejeli duşuşygyň Gün tertibiniň, Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň, şonuň ýaly-da çäräniň barşynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalary boýunça pikirleri alyşdylar.

YHG-nyň agza-ýurtlarynyň Ýokary wezipeli şahslarynyň mejlisiniň jemleri boýunça indiki duşuşygyň geçiriljek ýeri hem-de möhleti boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Tags