Nov 27, 2021 13:12 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar

2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň beren habaryna görä, Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki bilelikdäki hereketleriniň pugtalandyrylmagynyň aýratyn ähmiýeti bellenilip geçildi.

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-türk gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagy, şeýle-de Türkmenistanyň we Türkiýäniň özara maýa goýum işjeňliginiň giňeldilmegi nobatdaky ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy.

Tags