Nov 30, 2021 09:57 Asia/Ashgabat
  • Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty

29.11.2021-de Türkmen Paýtagtynda köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” myhmanhanasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçirilen maslahata YHG-nyň Baş sekretary, YHG-a agza döwletleriň we başga-da birnäçe ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, abraýly halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň başlamagynyň öň ýanynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýörite sylagyna mynasyp bolan Türkmenistanyň wekilini sarpalamak dabarasy boldy.   Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammitiniň çözgüdine laýyklykda, “Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty” ugry boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory Ý.Orazgylyjowa sylag gowşuryldy.

Bu sylagy Türkmenistanyň wekiline YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Nygtalyşy ýaly, guramanyň işine uly goşant goşýan aýry-aýry adamlaryň işleri ýörite bellenilmelidir, höweslendirilmelidir, bu düzümiň ösdürilmegi we berkidilmegi dogry hem-de mynasyp ädimdir, ol täze taglymlary, başlangyçlary, doganlyk halklaryň we döwletleriň hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlylygyny berkidýär.

YHG-nyň ýörite sylagyna mynasyp bolan türkmen alymy guramanyň Guramaçylyk komitetine özüniň ylmy işine ýokary baha berlendigi üçin hoşallyk bildirdi. Hormatly Prezident  Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde, häzirki wagtda Türkmenistanda ylmyň ösmegi, alymlarymyzyň halkara bäsleşiklere üstünlikli gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Sylaga mynasyp bolan alym öz adyndan hem-de kärdeşleriniň adyndan Türkmen milli Lidere ylmy işgärler baradaky ägirt uly aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Watany mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde öz bilimini we tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňra maslahatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemleri beýan edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri ýokary derejedäki duşuşykda kabul edilen esasy çözgütleri teswirlemek bilen, Aşgabat forumynyň möhüm ähmiýete eýe bolandygyny nygtady, onuň ähmiýeti YHG ýurtlarynyň bähbitlerinden has daşary çykýar hem-de kabul edilen çözgütleriň gerimi we derejesi babatynda yklymda tutuş geoykdysady ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge, Ýer togalagynyň bu çäginde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýän beýleki döwletleriň, halkara ykdysady birleşikleriň, maliýe edaralarynyň ünsüni çekmäge ukyplydyr.

Metbugat maslahatynda Türkmenistanyň 2021-nji ýylda YHG-a başlyklyk etmek bilen, degişli Konsepsiýa laýyklykda işjeň hem-de mazmunly çäreleri alyp barandygy bellenildi. Guramanyň işine ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýum hyzmatdaşlygynda, taslama — maksatnamalaýyn işlerde üýtgäp durýan ýagdaýlar bilen baglylykda, täze many-mazmun, depgin bermek, ulag, energetika pudaklarynda, onuň elektron we sanly ulgam üpjünçiliginde, ekologiýa ulgamynda tehnologiýalary hem-de täze tejribäni alyşmakda yzygiderli we anyk hyzmatdaşlygy ösdürmek möhüm wezipeler hökmünde öňde goýuldy. Bularyň ählisi sebit, yklymara hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklaryna düýpli täsirini ýetiren ählumumy pandemiýa bilen baglylykda aýratyn möhüm häsiýete eýe boldy.

Sammitiň çäklerinde YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi, onuň jemleri boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, şol sanda bu guramanyň hem-de onuň düzümleriniň alyp barýan işlerini has-da işjeňleşdirmäge uly goşant goşmaga ýardam berýän möhüm resminamalaryň birnäçesi kabul edildi. Şeýle hem ýokary wezipeli wekilleriň duşuşygy we işewürlik maslahaty guraldy.

Wise-premýer, daşary işler ministri YHG-nyň 15-nji sammitiniň çözgütleriniň ähmiýeti barada aýdyp, bu guramany sebitiň okgunly we netijeli ykdysady düzümine öwürmek maksady bilen, özara gyzyklanma bildirýän ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň depginlerini düýpli çaltlandyrmak barada ylalaşyk gazanylandygyny belledi. Şonuň bilen birlikde, möhüm ugurlarda, has anygy, söwda, ulag we kommunikasiýalar, energetika, syýahatçylyk, ykdysady ösüş hem-de zähmet öndürijiligi, ekologiýa, ylym, maliýe-bank işleri boýunça “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynyň” netijeli amala aşyrylmagyna ýardam etmäge umumy taýýarlyk tassyklanyldy. Duşuşykda YHG ýurtlarynyň, beýleki döwletleriň, iri halkara guramalaryň hem-de ykdysady birleşikleriň gatnaşmagynda eýýäm başlanylan we geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly anyk teklipler beýan edildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamanyň kabul edilendigine üns çekildi. Munuň özi BMG, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen yzygiderli we toplumlaýyn hyzmatdaşlygyň ýolunda ilkinji, emma örän möhüm ädimdir.

Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelerde önümçilik işleriniň oňaýsyz täsirlerini peseltmek maksady bilen, ekologiýa taýdan arassa energetika tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki hereketler ylalaşyldy. Bu ugurda işler güýçlendiriler hem-de ekologiýa ulgamyna degişli halkara resminamalar nazara alnar. Şunuň bilen baglylykda, YHG-nyň Arassa energetika merkezini döretmek baradaky başlangyç goldanyldy.

YHG ýurtlarynyň COVID-19-a garşy göreşde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, sebitiň ykdysadyýeti üçin pandemiýanyň ýetiren täsirlerini, hususan-da, öňüni alyş hem-de sanjym ulgamynda maglumatlary alyşmak ýoly bilen ýeňip geçmek kabul edilen möhüm çözgütleriň hatarynda görkezildi.

Sammite gatnaşyjylar YHG giňişliginde ulag hem-de kommunikasiýa düzümlerini ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün etmek barada ylalaşdylar.

YHG sebitiniň baý energetika serişdelerini has netijeli peýdalanmak, gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady goşulyşmagy barada çözgüt kabul edildi, guramanyň bu ulgamlarda goňşy sebitler bilen has ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagynyň usullary we gurallary kesgitlenildi.

Sebitiçi söwdanyň derejesini düýpli ýokarlandyrmak hem-de bu sebitiň YHG-nyň Söwda ylalaşygynyň düzgünlerini ýerine ýetirmek arkaly ählumumy söwda ulgamyna goşant goşmagy barada çözgüt kabul edildi. Şu maksat bilen degişli edaralara tehniki we iş päsgelçiliklerini aradan aýyrmak işlerini tizleşdirmek hem-de agza döwletleriň arasynda YHG-nyň Erkin söwda zolagynyň döredilmegine gönükdirilen gepleşiklere girişmek tabşyryldy.

Mundan başga-da, sammitde YHG-nyň maliýe-bank toplumynyň kadaly hereket etmeginiň möhümdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň Prezidentiniň YHG-nyň çäklerinde BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy bilen bilelikde Söwda, maýa goýumlar we innowasiýalar merkezini döretmek boýunça teklibi ähmiýetli başlangyç hökmünde bellenildi.

Şeýle hem ykdysady ösüşiň we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň, durmuş meselelerini çözmegiň möhüm şerti hökmünde kiçi we orta kärhanalary höweslendirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Senagat taýdan goşulyşmak meselelerine garamagyň dowamynda ministrliklere hem-de YHG döwletleriniň wezipeli wekillerine “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamaga girişmek tabşyryldy, ol biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýetleriniň özara üstüni dolmagy hem-de önümçilik kuwwatlyklary esasynda anyk çäreleri we taslamalary öz içine almalydyr.

Tags