Dec 05, 2021 16:33 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömek iberýär

Türkmenistan hökümeti ýakyn wagtda Owganystanyň halkyna gumanitar kömek iberer.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanda geçirilen ministrler kabinetiniň mejlisinde bu ýurduň Prezident Gurbanguly Berdymuhamedow Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowa Owganystanyň halky üçin bu ynsanperwer kömegini guramgy büýrdi.

Halkara guramalar mundan ozal Owganystandaky açlyk we gumanitar krizis barada duýduryş beripdiler.

Owganystanyň şeýle ýagdaýynda Günbatar ýurtlary, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlary, dürli bahanalar bilen Owganystanyň baýlyklaryny we emlägini petikländirler.

ABŞ harby güýçleri 20 ýyllap Owganystany basyp alandan we ykdysady infrastrukturasyndan soň awgust aýynyň ahyrynda masgaraçylykda we ýeňlişe sezewar bolmak bilen bu ýurtdan çykdy. Talyban topary bolsa 15-nji awgustdan bäri Owganystanda-da häkimiýet başyndadyr.

Tags