Dec 06, 2021 22:33 Asia/Ashgabat
  • 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysady taýdan gülläp ösmegi üçin krizise garşy maksatnama tassyklandy

Türkmeniň prezidenti, 2022-nji ýylda hökümetiň milli ykdysadyýeti goldamak baradaky meýilnamasyny tassyklady.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, geljek ýyl ykdysady durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ähli zerur şertleri döretmäge gönükdirilen Türkmen hökümetiniň "krizise garşy maksatnamasy", türkmen hökümetiniň giňişleýin ýygnagynyň netijesidir.

Şeýle hem bu karar önümçilik kärhanalarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak we transport we logistika ulgamynyň kuwwatyny giňeltmek meselesine ünsi çekýär.

Türkmen hökümetiniň krizise garşy meýilnamasy milli ykdysadyýeti güýçlendirmek, has köp daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, howpsuzlygy güýçlendirmek we raýatlarynyň durmuş we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça çäreleri hem öz içine alýar.

Tags