Dec 24, 2021 19:03 Asia/Ashgabat
  • TÜRKMENISTAN «SPUTNIK LAÝT» RUS SANJYMYNY HASABA ALDY

2021-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik Laýt» sanjymyny hasaba aldy we degişli şahadatnamany berdi.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda «Sputnik Laýt» dünýäniň 15-den gowrak ýurtlarynda hasaba alyndy we ýene-de 30-a golaý döwletlerde bu serişdäni bellige alyş amallary dowam edýär. GMgRG şeýle-de bu sanjymyň 10-dan gowrak ýurtlarda önümçiliginiň hem meýilleşdirilendigini habar berýär. Hususan-da, ýakyn wagtda Sputnik Laýt» sanjymy Hindistanda, Hytaýda, Günorta Koreýada, Wýetnamda, Meksikada, Argentinada, Serbiýada we Türkiýede öndürilip başlanar.

Tags