Jan 13, 2022 19:19 Asia/Ashgabat
  • Türki döwletleriň guramasynyň Daşary işler ministrleriniň adatdan daşary onlaýn duşuşygy geçirildi

11-nji ýanwarda Türki döwletleriň guramasynyň Daşary işler ministrleriniň adatdan daşary onlaýn duşuşygy geçirildi. bu duşuşykda Gazagystan meselesi üns merkeze alyndy.

“Fars” habarlar gullugynyň Daşkentdäki habarçysynyň habaryna görä, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Özbegistan, Wengriýa we Türkmenistandan ybarat Türk dilli ýurtlaryň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy wideo konferensiýasy bilen geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Gazagystanyň halky we resmileri bilen raýdaşlyk bildirdiler we ýurtda parahatçylygy we durnuklylygy gysga wagtda ýola goýmagyň zerurdygyny aýtdylar.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň, suwuklandyrylan nebitiň bahasynyň ýokarlanmagyna garşy geçirilen köpçülikleýin nägilelikleri basyp ýatyrmak üçin türk dilli ýurtlardan goşun ibermäge taýýardygyny yglan etmegine garamazdan Gazagystanyň prezidenti Gasim Jomart Tokaýew ony jogapsyz goýdy.

elbetde Tokaýew Gazagystana goşun iberen Kömekçi toparlaýyn Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyndan kömek sorapdy we Gazagystanyň prezidenti birneme asuda bolandan soň gurama minnetdarlyk bildirdi.