Jan 14, 2022 18:22 Asia/Ashgabat
  • Talybanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri duşuşdylar

Owganystanyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrleri söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Owganystanyň (AVA) habar gullugynyň habaryna görä, ýokary derejeli delegasiýa bilen Türkmenistanda bolan Talybanyň Daşary işler ministri Amir Han Mottaqi Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.

Meredow Talybanyň döwletiniň daşary işler ministri bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň serhedindäki howpsuzlyga kanagatlanma bildirdi we hyzmatdaşlygy we ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.

Mottak hem, Türkmenistany iki ýurduň arasyndaky söwdany giňeltmek we owgan telekeçileri üçin wiza bermek üçin gyssagly çäreleri görmäge çagyrdy.

Mottaki bilen Meredow, TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdylar.

Talyban 2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda häkimiýete geçeli bäri dünýädäki ýurtlaryň, esasanam sebitdäki ýurtlaryň we halkara kanunylygynyň ynamyny gazanmak üçin işleýär.

Tags