Jan 27, 2022 13:29 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Ženewadaky Hemişelik wekilhanasy 2022-nji ýylda ýurdumyzyň daşary syýasatynda ileri tutýan ugurlaryna bagyşlap brifing geçirdi

2022-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewa bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy Ženewanyň (Şweýsar Konfederasiýasy) Halkara barlaglary we ösüş boýunça ýokary institutynda Türkmenistanyň 2022-nji ýylda we geljek döwürde daşary syýasatynda ileri tutýan ugurlaryna hem-de borçnamalaryna bagyşlap brifing geçirdi.

Bu çäre Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen «Dialog – parahatçylygyň kepili» başlangyjynyň çäklerinde, şeýle-de 2022-nji ýylyň şygarynyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýaýbaňlandyryldy.

Brifinge Ženewada akkreditirlenen diplomatik edaralaryň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Brifingiň barşynda 2021-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň jemlerine, şonuň ýaly-da sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginde möhüm tapgyr bolan Türkmenistanda geçirilen iri halkara çärelerine aýratyn ähmiýet berildi.  

Türkmenistanyň «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjynyň ilerledilmegi halkara bileleşiginiň dünýä halklarynyň parahatçylykda we ynanyşmakda ýaşamaklarynyň dessurlarynyň pugtalandyrylmagy, gymmatlyk kesgitlemeleriniň, parahatçylykly dünýägaraýyşlaryň gaýtadan dikeldilmegi, halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetiniň hemmetaraplaýyn kesgitlenilmegi ugrundaky tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir.   

Türkmenistanyň 2022-nji ýyldaky şygarynyň türkmen halkynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň kesgitlän ähli wezipeleriniň we tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen özgertmeleriň strategiki ugrunyň dowam edilmegi babatyndaky kararlylygynyň özboluşly tassyknamasy bolup durýandyr.

Brifinge gatnaşyjylar şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda eden çykyşynyň barşynda öňe sürlen Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary bilen hem tanyş boldular. 

Çäräniň ahyrynda BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hanym O.Algaýerowa hem-de Intellektual eýeçiliginiň Bütindünýä guramasynyň (IEBG) öňki Baş sekretary jenap Frensis Garrä «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medallaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.   

Tags