Jan 27, 2022 15:43 Asia/Ashgabat

Türkmenistanyň prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň sammitiniň geçirilmegini iki tarapyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýetiniň we strategiýasynyň alamaty hasaplady.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, çarşenbe güni Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň wirtual sammitinde "Gurbanguly Berdymuhamedow" iki tarapy sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde esasy hyzmatdaşlar diýip atlandyrmak bilen bu ýurtlaryň Hytaý bilen köp asyrlyk gatnaşyklary we dostlugy bar diýdi.

Türkmenistanyň prezidenti “guşak we ýol” atly Ýüpek ýol taslamasynyň gaýtadan dikeldilmegini hem goldady.

“guşak we ýol” atly täze Ýüpek ýol taslamasy Hytaýyň prezidenti Si Szinpin tarapyndan 2013-nji ýylda teklip edilen we bir trillion dollardan gowrak maýa goýum bilen başlanan 60-dan gowrak ýurduň ykdysady infrastrukturasyna maýa goýum taslamasydyr.

Türkmenleriň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow şeýle hem Hytaýň prezidenti we halkyny 2022-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryny geçirmegi bilen gutlamak bilen  Gyşky Olimpiýa oýunlary, dünýädäki millionlarça adam üçin sportuň, parahatçylygyň we dostlugyň hakyky baýramçylygyna öwrüler diýdi.

Si Szinpiniň soňky çykyşyndan soň Hytaýyň prezidenti we beýleki döwlet baştutanlary bilelikde beýannama kabul etdiler.

Sammite Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Hytaýyň prezidenti Si Szinpin ýolbaşçylyk etdi.

Tags