Feb 18, 2022 18:27 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministri Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi

2022-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.

Şu ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýandygyny bellenilip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary birek-birege gutlaglaryny beýan etdiler.

Ministrler syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň mümkinçiliklerine, şol sanda iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegi bilen bagly meselelere garadylar. Bu ugurda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň möhüm orny barada bellenildi. Halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň wajyplygy nygtaldy.

Tags