Apr 21, 2022 21:17 Asia/Ashgabat
  • Serdar Berdimuhamedow Tükmenistan bilen Hindistanyň diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyny gutlady

Türkmenistanyň prezidenti, halkyň we hökümetiň adyndan Hindistan bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Hindistanyň prezidentine we premýer-ministrine gutlag hatyny iberdi.

Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 20-nji aprelinden bäri ýola goýuldy.

"Fars" habar gullugynyň penşenbe güni beren habaryna görä, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň prezident Ram Knut Kowine we Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modä iberen habarnamasynyň bir böleginde, häzirki wagtda iki ýurt ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk edýärler we Hindistanyň prezidentiniň Türkmenistana eden soňky taryhy we möhüm sapary gatnaşyklaryň ösüp barýanlygyny alamatlandyrýandyr diýip nygtady.

Tags