May 12, 2022 18:52 Asia/Ashgabat
  • Aşgabatda Russiýa-Merkezi Aziýa mejlisleri geçirildi

Russiýa-Merkezi Aziýa Mejlisara samiti Aşgabatda, Türkmenistanyň Maksatnama Geňeşiniň başlygy Gurbanguly Berdymuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdymuhamedowyň çykyşy bilen başlanan ýygnakda kanun çykaryjy we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşylar.

Aşgabadyň Mejlisara ýygnagyna Russiýanyň Federal Mejlisiniň başlygy Walentina Matwinko, Gazagystanyň Senatynyň başlygy Mullen Aşim Baýew, Gyrgyzystanyň Mejlisiniň başlygy Talant Mamitow, Täjigistan Milli Mejlisiniň başlygy Rostam Emamali we Özbegistan senatyň başlygy Tanzila Narbaýowa gatnaşdylar.

Türkmenistanyň prezidenti öz çykyşynda öz ýurdunyň bitaraplyk syýasatyna ünsi çekdi we bu biziň daşary syýasatymyzda we ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklarymyzda öz beýanyny tapdy diýdi.

"Serdar Berdymuhamedow" Merkezi Aziýa we Russiýa görnüşinde bilelikdäki ýygnaklary geçirmek ýurtlaryň arasyndaky dostluga we has mähirli gatnaşyklara sebäp bolar diýdi.

Duşuşygyň çäginde 13-nji maýda Merkezi Aziýa we Russiýa parlamentleriniň aýal agzalarynyň arasynda gepleşik hem geçiriler.