May 13, 2022 17:00 Asia/Ashgabat
  • Täjigistanyň Milli mejlisiniň başlygy Türkmenistanyň prezidenti bilen duşuşdy

Täjigistanyň mejlisiniň başlygy Türkmenistana resmi sapar gurady we prezident bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdy.

"Fars" habar gullugynyň habaryna görä, Mejlisiň başlygy we Täjigistanyň paýtagtynyň häkimi Rüstam Emamali türkmenleriň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyp, ony prezident saýlawynda ýeňiş gazanmagy bilen gutlady.

Duşuşykda Täjigistan bilen Türkmenistanyň söwda, ykdysadyýet we maýa goýum ugurlaryndaky ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we iki tarap hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm bölegi hökmünde parlament gatnaşyklaryny giňeltmegiň zerurdygyny nygtap geçdiler.

Emamali we Berdimuhamedow ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen Täjigistan-Türkmenistan Ykdysady-Tehniki Hyzmatdaşlyk Komissiýasynyň işini çaltlaşdyrmaga çagyrdylar; Iki ýurduň resmileri şeýle-de 2021-2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki söwda we ykdysady maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini nygtadylar.

Duşuşykda energiýa we ýangyç, transport we aragatnaşyk, senagat we oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, pagtany doly gaýtadan işlemek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen gepleşik geçirýänler bu günleri 2022-2023-nji ýyllarda “Türkmenistan-Täjigistan medeni günleri” diýip kesgitlemek kararyna geldiler.

Duşuşygyň ahyrynda Rüstam Emamali Täjigistanyň prezidentiniň adyndan Türkmenistanyň saýlanan prezidentini Duşanbe şäherine resmi sapar bilen çagyrdy.

Emomali we Türkmenistanyň prezidenti, 2021-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwdanyň üç esse artýandygyny tassyklamak bilen, bu işiň dowam etdirilmegini islediler.

Iki ýurduň resmileri terrorçylyk, ekstremizm, transmilli guramaçylykly jenaýat, şol sanda neşe gaçakçylygy ýaly global howplara garşy bilelikdäki göreşde utgaşdyrylmagyň zerurdygyny aýtdylar.

Täjigistan Milli mejlisiniň başlygy Duşanbe şäherinde türkmen kärdeşi Gülşad Mammadowa bilen hem duşuşdy.

Tags