May 17, 2022 14:11 Asia/Ashgabat
  •  Türkmenistanyň Daşary işler ministri  bilen BAE-nyň Daşary işler ministri arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

2022-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BAE-nyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet ministri Ahmed Ali Al Saýegiň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Raşid Mereow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeih Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykandygy sebäpli çuňňur gynanjyny beýan etdi.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň ýokary ýolbaşçylarynyň arasynda ynamly gatnaşyklaryň ýokary derejesi nygtaldy. Döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde ýokary derejeli aragatnaşyklaryň möhüm ähmiýete eýedigi aýratyn bellenildi. Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-nyň çäklerinde konstruktiw özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar we parahatçylyksöýüji başlangyçlary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň taýýardygyny tassykladylar.

Diplomatlar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň möhümdigini tassykladylar we syýasy geňeşmeleri yzygiderli esasda geçirilmeginiň wajyp ähmiýete eýedigini bellediler.

Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň döwlet we hususy gurluşlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmakda gyzyklanmasynyň bardygy beýan edildi.

Şunuň bilen baglylykda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garadylar. Diplomatlar bu duşuşygyň, hususan-da dokma senagaty, maýa goýumlary, nebit-gaz pudagy, energiýa, daşky gurşaw we azyk howpsuzlygy, bilim, ylym we medeniýet ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrjakdygyna umyt bagladylar.

Tags