May 24, 2022 11:12 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň DIM-de Fransiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2022-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtýarly Ilçisi Izabel Ginel bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada gyzyklanma bilen pikir alşyldy. Olaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygynyň yzygiderli häsiýeti bellenildi. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge taýýardyklaryny nygtadylar.

Häzirki wagtda Fransiýa Ýewropa Bileleşiginiň başlygy wezipesini eýeleýändigini nazarda tutup, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. Türkmen diplomatiýasynyň ýolbaşçysy hem-de fransuz Ilçisi Türkmenistan bilen ÝB-niň özara gatnaşyklaryna ikitaraplaýyn uzak möhletleýin gyzyklanmalara laýyk gelýän ähmiýetli we döredijilikli depgin berlendigini bellediler.

Türkmenistan bilen ÝB-niň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde: sebitleýin durnuklylygy we howpsuzlygy nukdaýnazaryndan syýasy-diplomatiki dialog; ykdysady, söwda, maýa goýum, şol sanda energetiki we ulag hyzmatdaşlygy; ekologiýa meselesi we beýleki ugurlar kesgitlenildi. Bu ugurlarda alnyp barylýan bilelikdäki işleriň işjeňleşdirilmegi üçin ähmiýetli özara mükinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri we Fransiýanyň Ilçisi yzygiderli häsiýetde iş gatnaşyklaryny saklamak babatynda ylalaşdylar.