May 24, 2022 21:21 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan işgärleri Gülüstan welaýatyna sapar etdiler

Türkmenistanyň Eýrandaky ilçisi Inçeh Burun-Ak ýaýla demir ýoluny we Eýran-Türkmenistan serhedindäki Etrek gümrük geçelgesini baryp gördi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň Eýrandaky ilçisi Ahmad Gurbanow we Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Maşatdaky Türkmenistanyň Baş konsuly "ilýas Gaýypow", Eýran tarapynyň çakylygy boýunça Inçeh Burun-Ak ýaýla demir ýol geçelgesiniň we Eýran-Türkmenistan serhedindäki Etrek gümrük geçelgesiniň işi bilen tanyşmak üçin Gülüstan welaýatyna sapar etdiler.

Türkmenistanyň Eýrandaky ilçisi we Maşatdaky Baş konsuly Gülüstanyň gubernatory Ali Muhammet Zanganeh bilen we Daşary işler ministrliginiň bu welaýatdaky wekilhanasynyň başlygy "Zülfikar Amirşahi" bilen duşuşyp gyzyklanýan meseleler barada maslahatlaşdylar.

Türkmeniň Eýrandaky ilçisi we Maşatdaky Baş konsuly, iki ýurduň arasynda syýasat, diplomatiýa, söwda, ykdysadyýet, ýangyç we energiýa, transport we aragatnaşyk, medeniýet we gumanitar meseleler boýunça Eýranyň Gülüstan welaýatynyň işgärleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Tags