Jun 14, 2022 16:06 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Türkmenistanyň media hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Eýran bilen Türkmenistanyň radio we telewideniýesiniň ýolbaşçylar, Eýran Yslam Respublikasynyň ýaýlymynyň Türkmenistanyň Döwlet radiosy we telewideniýesi bilen hyzmatdaşlygynda we özara gatnaşyklarynda Türkmen radiosynyň aýratyn orny eýelejekdigini aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet radiosynyň we telewideniýesiniň müdiri Arslan Aşyrow bilen Eýranyň Milli mediasynyň başlygy doktor Peýman Jebelliniň arasynda geçirlen duşuşykda programma, film we serial öndürmekde iki tarapyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurlygy nygtaldy şeýle-de türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragy hakda bilelikde serial bejermek barada gürrüň boldy.

Eýranyň  Döwlet radiosynyň we telewideniýesiniň başlygy doktor Jebelli, medeni we taryhy umumylyklar, däp-dessurlar, garyndaşlyk we maşgala gatnaşyklary taýdan Türkmenistanyň Eýrana iň ýakyn goňşy ýurtlardan biridigini aýdyp bu meňzeşlikleriň giň gerimi, iki ýurduň arasyndaky media hyzmatdaşlygynyň has-da giňeldilmegini we ikitaraplaýyn çarçuwadan başga-da Aziýanyň radio-telewideniýesi boýunça bileleşiginiň guramasynda özara hyzmatdaşlygyň we goldawyň bolmagyny aýtdy.

Doktor Jebelli, Türkmen radiosynyň Eýran Yslam Respublikasynyň milli mediasynyň çarçuwasynda işleýän 200-e golaý radio we teleýaýlym kanalynyň arasynda iň möhüm we iň gadymy habar beriş serişdeleriniň biridigini hemde Eýranyň Türkmen radiosynyň önümleriniň iki ýurdyň umumy yslam medeniýetini berkitmäge gönükdirilendigini aýtdy. , Eýranyň we Türkmenistanyň däp-dessurlary we ynançlary. Türkmen dili bolsa iki ýurduň arasyndaky medeni umumylyklaryň aýdyň mysallaryndan biridir diýdi.

ol şeýle-de Türkmen dili hem iki ýurduň arasyndaky medeni umumylyklaryň aýdyň mysallaryndan biridir diýip sözüne goşdy.

Milli medianyň başlygy, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň we ahlakly goşgularynyň, esasanam Yslamyň Pygamberini (saw) wasp edýän goşgylarynyň şahyrlaryň we edebiýatçylaryň arasynda ýörite oruna eýedigini aýdyp "Magtymguly Pyragy" atly seriýasynyň Eýran-Türkmen teleýaýlymynyň bilelikdäki seriýasy hökmünde öndürilmegini teklip etdi. türkmenistanyň döwlet radiosynyň we telewideniýesiniň müdiri hem bu teklibi makullady we Türkmenistanyň radiosynyň we telewideniýesiniň Eýranyň milli mediasy bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň seriýasyny taýýarlamaga doly taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistan döwlet radio we telewideniýesiniň başlygy Arsalan Aşyrow hem Türkmenistanyň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Eýrana ýakyn wagtda boljak saparynyň Eýranyň Türkmenistanyň daşary we halkara gatnaşyklarynda ähmiýetini görkezýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Milli radio we telewideniýesiniň başlygy, Eýran Yslam Respublikasy ýaýlymy bilen täze media ylalaşygyna gol çekilmegi bilen iki ýurduň arasynda media gatnaşyklarynyň täze tapgyrynyň başlanjakdygyna kanagatlanma bildirdi.

Türkmenistanyň Milli radiosynyň we telewideniýesiniň başlygy ýakyn wagtda Türkmen telewideniýesinde Eýranyň medeniýeti we sungaty boýunça ýörite programmanyň efire beriljekdigini aýtdy.