Jun 15, 2022 13:22 Asia/Ashgabat

Tähran bilen Aşgabadyň arasynda 9 hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekmek dabarasy Saadabad medeni-taryhy toplumynda Eýranyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Türkmenistanyň prezidenti, ýokary derejeli syýasy we ykdysady wekiliýetiň ýolbaşçylygynda Eýranyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisiniň resmi çakylygy bilen Tährana geldi.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Saadabad toplumynda resmi garşylaýyş dabarasyndan soň iki ýurduň arasynda tranzit transportyny ösdürmek, ylmy we medeni alyş-çalyş, daşky gurşawy goramak, medeniýet, Eýran we Türkmenistan ministrleriniň arasynda söwda-ykdysady alyş-çalyş ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň resminamalaryna iki ýurdyň prezidentlerniň gatnaşmagynda gol çekildi.

Gol çekişlik dabarasyndan soň Eýranyň we Türkmenistanyň prezidentleri Seýid Ybraýym Raisi we Serdar Berdimuhamedow bilelikde geçirilen metbugat ýygnagyna gatnaşdylar.

Şu gün (çarşenbe) Saadabad medeni-taryhy toplumynda Eýranyň prezidentiniň Türkmenistanyň prezidentini resmi garşylama dabarasy geçirildi, şondan soň Raisi we Berdimuhamedow ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler.

Tags