Jun 22, 2022 19:34 Asia/Ashgabat
  • Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidentini kabul etdi

2022-nji ýylyň 20-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýuny kabul etdi.

“CNPC-niň” ýolbaşçysy Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hytaýly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Serdar Berdimuhamedow “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Bitarap Türkmenistanyň Hytaý bilen strategik häsiýete eýe bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de HHR-iň iri korporasiýasynyň ýolbaşçysy bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. 

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna “CNPC-niň” Türkmenistanda alyp barýan işleri barada habar berdi. Işewür hytaýly hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän çynlakaý hem-de jogapkärli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň  döwlet Baştutanyna, şeýle-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de “CNPC-niň” ýolbaşçysy umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän köpýyllyk, ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Tags