Jul 04, 2022 19:12 Asia/Ashgabat
  • Türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji topary Mekgä haja ugradylar

275 türkmen zyýaratçy Haj dessurlaryny ýerine ýetirmek üçin Saud Arabystanyna gitdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä zyýaratçylar mekgä ugramazdan öňürti Aşgabat şäherindäki "Ärtogrul Gazy" metjidine baryp dini meseleler we däp-dessurlar bilen tanyşdylar.

Zyýaratçylar metjitde bolmagynyň çäginde yslam dünýäsinde mukaddes saýylýan keramatly Mekge-Medinä gidip, haj parzyny berjaý etmek babatda döredip berýän şertleri üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Tags