Jul 15, 2022 20:58 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan we Özbegistan liderleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň prezidenti Özbegistana sapary wagtynda 19 hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň paýtagty Daşkentde Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýow bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.

Ýokary derejeli delegasiýanyň başynda Daşkende giden Türkmenistanyň prezidenti, Özbek kärdeşi bilen ikitaraplaýyn gepleşiklerden soň 19 sany resminama gol çekdi.

Iki ýurduň baştutanlary Amu Derýa derýasynyň suw baýlyklaryny goramak we peýdalanmak, ykdysadyýet, söwda, transport, syýahatçylyk, dolandyryş we peýdalanmak ýaly ugurlarda gol çekilen resminamalary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin esas hökmünde häsiýetlendirdiler.

Tags