Jul 26, 2022 11:42 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň DIM-nde ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2022-nji ýylyň 25-nji iýulynda Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa bu toparyň, Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine toparyň 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri we geljek döwür üçin işleriň meýilnamasy boýunça meseleler girizildi.

Çykyşlarda hasabat döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň görkezmelerine hem-de tabşyryklaryna, toparyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasynda bellenilen wezipelere, ÝUNESKO bilen bilelikdäki hereketleriň 2021—2023-nji ýyllar üçin Meýilnamasyna laýyklykda alnyp barlan işler barada habar berildi.

Mejlisde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň iri düzümleýin bölümlerindäki ornuny pugtalandyrmak, onuň degişli Konwensiýasyna goşulmak, Ýewropa sebitinde ýokary bilim bilen baglanyşykly hünär derejelerini ykrar etmek, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmek, sanly taslamalar we maglumatlary alyşmak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek bilen bagly möhüm ugurlara garaldy.

“Dünýä hatyrasy” atly halkara maksatnama boýunça gollanma hökmünde “Türkmenistan—ÝUNESKO: hatyralary bilelikde goralyň” atly monografiýa neşir edildi.

Häzirki wagtda ahalteke atçylyk sungatyny, atlary bezemegiň hem-de ýüpek önümçiliginiň däplerini we beýlekileri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmegiň mümkinçiliklerine garalýar hem-de degişli resminamalary taýýarlamak meseleleri öwrenilýär. 

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşulmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açjakdygy bellenildi. Bu Konwensiýanyň çäklerinde Türkmenistanyň milli topary tarapyndan Köýtendagyň daglyk ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizmek boýunça milli derejedäki maglumatlary taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen sport hem-de bedenterbiýe ugry boýunça hyzmatdaşlygyna we gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berdiler.

Tags