Aug 11, 2022 10:02 Asia/Ashgabat
  • Ýaponiýa we Türkmenistan resmileri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ünsi çekýärler

Türkmenistanyň Tokiodaky täze ilçisiniň Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň Parlament işleri boýunça orunbasary bilen duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky dostluga we hyzmatdaşlyga ünsi çekdi.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň Parlament işleri boýunça orunbasary Taro Honda Türkmenistanyň Tokiodaky täze ilçisi Atadurdy baýramowy täze wezipesine başlamagyny gutlamak bilen Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we dostlugyň şu ýylyň aprel aýynda Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kişida bilen Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimohamedowyň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginde nygtalandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Tokiodaky täze ilçisi öz çykyşynda iki ýurduň arasyndaky gowy we ýakyn gatnaşyklary, ýokary derejeli resmileriň işjeň ýygnaklaryny, parlament alyş-çalyşlaryny, Merkezi Aziýa + Ýaponiýa gepleşikleriniň çäginde halkara arenasyndaky hyzmatdaşlygy agzady.

 türkmen tarapy ykdysady ugurda üstünlikli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine umyt bildirdi.

Tags