Aug 15, 2022 19:35 Asia/Ashgabat
  • TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ULAG ULGAMYNDA TÄZE HALKARA BAŞLANGYÇLARY ÖŇE SÜRDI

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany bu başlangyçlar barada Hazar deňziniň Türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde öz işine başlan  deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna iberen wideo ýüzlenmesinde belledi.

«Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynda ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerini goramaga    gönükdirilen we BMG-niň degişli düzümleri   bilen yzygiderli iş alyp barjak ýörite iş toparyny döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýärin» – diýip,  Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň  deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň   ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky Kararnamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti  iberen wideo ýüzlenmesinde «...  biz Baş Assambleýanyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň     ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky» Kararnamasyny işläp taýýarlamaga girişmäge wagt ýetdi diýip hasap edýäris» – diýip belledi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, şol resminama biziň döwletlerimiziň bähbitlerini öňe sürmäge netijeli itergi bermäge, degişli meseleleriň ähmiýetini açyp görkezmäge we olara düşünmäge ýardam berer.

«Türkmenistan bu resminamany taýýarlamaga girişmäge taýýardyr, ähli netijeli teklipler we    başlangyçlar üçin açykdyr» – diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki Halkara maslahaty dowam edýär.

Tags