Sep 24, 2022 11:47 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Döwlet nebit ministri bilen duşuşygy geçirdi

2022-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Döwlet nebit ministri Musadik Masud Malik bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ýokary derejedäki gepleşikleriň Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedigi bellenildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar söwda-ykdysady, hususan-da energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek boýunça strategiki taýdan möhüm bolan taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň mundan beýläk hem öňe gitmeginiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Pakistanyň Döwlet nebit ministri her bir gatnaşýan taraplar hem-de bütin sebit üçin wajyp bolan bu taslamalary Pakistanyň ýolbaşçylygynyň goldaýandygyny nygtady.

Agzalan uly möçberli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işleriň has hem işjeňleşdirilmegi türkmen-pakistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Tags