Sep 25, 2022 13:17 Asia/Ashgabat
  • TÜRKMENISTANYŇ RAÝATYNYŇ PASPORTYNYŇ WE ÝURTDA ÝAŞAMAK ÜÇIN YGTYÝARNAMANYŇ GOWŞURYLYŞ ÇÄRESI GEÇIRILDI

24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken ynsanperwer Permanyna we Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň hem-de Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Bu dabaraly çärä Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri, hormatly ýaşulylar we eneler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlar gatnaşdy.

Çärede çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda adam hakyndaky aladanyň iň öňdäki orundadygyny, raýatlaryň erkana, parahat we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler. Adam hakdaky çäksiz alada diňe bir ýurduň öz raýatlary üçin däl eýsem, ýaşaýşyny şu topraga baglan, dürli sebäplere görä raýatlygy bolmadyk adamlary hem öz içine alýar.

Türkmenistan özüniň hemişelik bitaraplyk ýörelgeleri esasynda bosgunlaryň, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleri babatynda abraýly halkara guramalary we halkara derejesinde ykrar edilen resminamalar esasynda möhüm hem-de nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Muny soňky ýyllarda ýurdumyzyň raýatlygyna kabul edilen adamlaryň sanyna seredenimizde hem aýdyňlyk bilen göz ýetirmek bolýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ynsanperwer Permanlary esasynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlaryň müňlerçesi Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

Türkmenistanyň 31 ýyllyk şanly toýuny toýlaýan günlerimizde 1530 sany raýatlygy bolmadyk adama, ýagny dünýäniň 26 milletiniň wekilleri Türkmenistanyň raýatlygynyň berilmegi hem-de 315 daşary ýurt raýatlaryna, ýagny dünýäniň 9 döwletiniň raýatlaryna we 23 milletiň wekillerine Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň berilmegi asylly ynsanperwer işleriň Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda yzygiderli we üstünlikli dowam etdirilýändigini äşgär edýär.

Bu waka Türkmenistanyň migrasiýa syýasatynyň meselelerini çözmekde nobatdaky netijeli mysaly bolup durýan halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryna ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.

Tags