Sep 29, 2022 10:56 Asia/Ashgabat
  • Ýurtlaryň baştutanlary Türkmenistanyň prezidentine bu ýurdyň garaşsyzlygynyň ýyl dönümini gutladylar

Dürli ýurtlaryň prezidentleri, bu ýurduň prezidentini we halkyny Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ýyl dönümi bilen gutlap, bu ýurt bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine ünsi çekdiler.

"Fars" habar gullugynyň habaryna görä Russiýanyň prezidenti "Wladimir Putin" şu kontekstde şeýle diýdi: Türkmenistan ykdysady we jemgyýetçilik ösüş ýolunda ynamly hereket edýär we oňyn bitaraplyk syýasatyny alyp barmak bilen,Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlyk we durnuklylykde möhüm ähmiýete eýe bolar diýdi.

Eýranyň Yslam prezidenti Seýid Ebrahim Raisi türkmen kärdeşine iberen ýüzlenmesinde Prezidenti we bu ýurduň halkyny bu ýurduň garaşsyzlygynyň ýyl dönümi bilen gutlady.

Iki goňşy ýurdyň, dost we dogan hökmünde şu wagta çenli aramyzdaky gatnaşyklary artdyrmak üçin gymmatly ädimler ädendigini göz öňünde tutsak, iki tarapyň arasyndaky gatnaşyklar iki ýurduň gülläp ösmegi we rahatlygy ugrunda günsaýyn giňelsin diýip Eýranyň prezidenti aýtdy.

Hytaýyň prezidenti Si Szinpin, Şawkat Mirziýew, Özbegistanyň prezidenti, Sadyr Jepbarow, Gyrgyzystanyň prezidenti, un Suk-Ýul, Günorta Koreýanyň prezidenti, Ukhnagyin Horlesukh, Mongoliýanyň prezidenti hemde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterres dagylar hem öz gutlag hatlaryny Türkmenistanyň prezidentine ýetirdiler.

 

 

Tags