Oct 04, 2022 18:14 Asia/Ashgabat
  • TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY

2022-nji ýylyň 25-nji sentýabry – 1-nji oktaýbry aralygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. 26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurduň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Hosoda Hiroýuki bilen duşuşyk geçirdi

. Onuň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň biwagt aradan çykmagy zerarly Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan, bu ýurdyň halkynyň we hut öz adyndan çuňňur gynanjyny beýan etdi Şeýle-de iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Gurbanguly Berdimuhamedow parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda birnäçe tekliplerini öňe sürdi. Birinjiden, Parlamentara dostluk toparynyň işini güýçlendirmeli, ikinjiden, ýaşlaryň parlamentara gatnaşyklaryny döretmeli, ony netijeli ulanmaly, üçünjiden, parlamentara gatnaşyklarda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmaly, dördünjiden, parlamentara hyzmatdaşlykda durnukly ösüşi gazanmaly diýip, Berdimuhamedow belledi. Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy onuň ýurdunyň türkmen tarapy bilen energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň parlament diplomatiýasyny ösdürmek boýunça öňe süren tekliplerini hemmetaraplaýyn, doly goldaýandygyny belledi. Şol gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tokioda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda işewür dürli ulgamlarda, şol sanda energetika, gurluşyk pudaklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony has-da ösdürmegiň geljekki ugurlary boýunça pikir alşyldy. 27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen iş ertirligi görnüşinde duşuşyk geçirdi. Oňa Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd”, “Komatsu Ltd” kompaniýalarynyň, “ITOCHU”, “Mitsubishi”, “Sumitomo”, “Marubeni”, “Sojitz”, “JGC” korporasiýalarynyň ýolbaşçylary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň ýapon tarapynyň başlygy, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy gatnaşdylar. Şeýle-de şol gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Türkmenistanda üpjünçilik ulgamlary boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň “Ýol kartasyny” täze, möhüm taslamalar bilen üstüni ýetirip, täzelemegi maksadalaýyk hasaplaýaryn. Bu resminama Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisinde gol çekmek üçin hödürlense, dogry bolar diýip pikir edýärin. Şeýle hem ýapon kompaniýalaryny Türkmenistandan ýokary baha bilen harytlaryň eksport edilmegine çekmek meselelerine seretmegiň wajypdygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, bilelikdäki maliýeleşdirmek mehanizminiň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň, şol sanda boýunça satyjynyň we alyjynyň arasynda hasalaşyklary - “Eskrou hasaplaşygyny” howpsuz geçirmek üçin ýörite hasabyň döredilmeginiň wajypdygy bellenildi. Mundan başga-da, taslamalary maliýeleşdirmegiň dürli görnüşlerini, şol sanda öndürilýän önümleri tölemek bilen taslama maliýeleşdirmesi, göni maýa goýumlar we beýlekiler ýaly görnüşlerini peýdalanmaga gyzyklanma bildirildi. “Ýaşyl” we wodorod energetikasy hem-de bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge gönükdirilen häzirki zaman ýokary tehnologiýalary önümçilikleri döretmek babatda ýapon tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirildi. Şeýle hem kiçi we orta ýapon kärhanalaryny Türkmenistanda işewürligi degişlilikde, türkmen kärhanalaryny Ýaponiýada işewürligi alyp barmaga çekmek mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi. 27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeni jaýlamak boýunça döwlet derejesinde geçirilýän matam çäresine gatnaşdy we gatnaşyjylar bilen bilelikde merhumy hatyralap, oňa ajaýyp gül desselerini goýdy.

Şol gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň maşgalasy bilen bilelikde medet beriji sözleri aýtmak maksady bilen, Sindzo Abeniň maşgalasynyň ýanyna bardy.

28-nji sentýabrda Ýaponiýada iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida bilen duşuşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Premýer-ministrine Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi hem-de Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.

Öz nobatynda, ýapon Hökümetiniň Baştutany Serdar Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny hem-de iň oňat arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşler döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar Türkmenistanda giň gerimli we uzak möhletleýin maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini nazara alyp, geljegi uly taslamalar boýunça işleri mundan beýläk-de amala aşyrmagyň zerurdygyny bellediler. Şol maksatnamalar dünýä bazarlarynda ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmeginden ugur alnyp, milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga, häzirki zaman ýokary tehnologiýaly ylmy önümçilikleri hem-de senagat kärhanalaryny döretmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmekde möhüm orun eýeleýän parlamentleriň derejesinde iki ýurduň gatnaşyklarynyň ähmiýeti nygtaldy.

Şunda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljeginiň bardygy barada aýdyldy.

Ýokary derejedäki duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça ösdürilmeginiň esasy şertini emele getirýär. Türkmenistan Ýaponiýa bilen howa gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň mümkinçilikleriniň öwrenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Şol gün ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Endo Toşiakini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürilmegi boýunça pikir alyşdylar.

29-njy sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekilleri Ýaponiýanyň Tokio atçylyk toplumyna baryp gördüler. Bu ýerde “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň wekilleri ýaponiýaly kärdeşleri bilen duşuşdylar. Duşuşygyň dowamynda häzirki döwürde atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we özara tejribe alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra türkmen wekiliýetiniň agzalary Tokio atçylyk toplumynyň aýratynlyklary, çapyksuwarlaryň we bedewleriň taýýarlanylyşy hem-de bu ýerde döredilen amatly şertler bilen içgin tanyşdylar.

Iş saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň Ýaponiýanyň işewürleri bilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň wekilleriniň «Jateco» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Tokio şäheriniň häkimliginiň halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy bilen duşuşdy.

Duşuşyklarda syýasy-diplomatiki we söwda-ykdysady häsiýetdäki wajyp ugurlary, şol sanda işewürlik we söwda, bank we maliýe, himiýa senagaty hem-de şäher gurluşygy ulgamlarynda geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.