13 Noýabr 2019, 10:16
  • Türkmenistanyň prezidenti bu ýurdyň milli howpsuzlyk ministrni tankyt etdi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowbu ýurdyň milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýew-i tankyt etdi.

Türkmenistanyň döwlet habarlar gullygy bu hereketiň sebäbine yşarat etmedi. emma resmi hasabatlarda getirilşine görä Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowbu ýurdyň milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýew-i işlerinde goýberen kemçilikleri babatly tankyt edendir.

Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýew 2006-njy ýyldan döwlet düzümindäki işlerine başlady we şu wagta çenli Türkmenistanyň gümrük gullygynyň başlygy, milli howpsuzlyk ministri hemde Türkmenistanyň goranmak ministri wezipelerinde işländir. ol 2009-njy ýylda ýene bir gezek Türkmenistanyň howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine bellendi.

ýeri gelende aýtsak Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow soňky wagtlarda bu ýurdyň söwda we daşary gatnaşyklar ministrni, TOPH proýektini amala aşyrýan we oňa gözegçilik edýän resmileri şeýle-de Türkmenistanyň ýene birnäçe ýokary derejeli resmisini tankyt edendir.

Türkmenistanyň söwda we daşary gatnaşyklar ministrni Durdy Işanow bu ýurdyň prezidentiniň tankyt etmeginden soňra ýokary derejeli ýene birnäçe resmi bilen bilelikde tutuldy.

Teswirler