14 Noýabr 2019, 16:24
  • KATAR DÖWLETINIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2019-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Katar döwletiniň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mubarak Abdurrahman Mubarak Al-Nasr bilen duşuşygy geçirildi.  

 Diplomatlar birek-birege hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-katar gatnaşyklarynyň yzygiderli ösüşini kanagatlanarly bellediler. Iki ýurduň syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ýokary derejedäki saparlaryň we iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň wajyplygy barada aýtdylar.   

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-katar hökümetara toparynyň möhüm orny barada aýdyp, taraplar energetika, gurluşyk senagaty, syýahatçylyk we beýleki wajyp ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek mümkinçiligi barada belläp geçdiler. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçiligine hem seredildi.      

Şeýle hem, taraplar Medeniýet günleriniň, bilelikdäki maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň geçirilmeginiň wajypdygyny bellediler. Bilim we sport pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmegiň möhümligi aýratyn bellenildi. 

Duşuşygyň dowamynda Katar döwletiniň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy hem-de türkmen tarapyna gutlaglary we ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen bagly mähirli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-katar gatnaşyklaryň geljekde berkidilmegi işinde goldaw bermäge taýyndygyny tassykladylar. 

Teswirler