Fewral 10, 2020 20:35 Asia/Ashgabat
  • MARYDA SEBITLEÝIN INFRASTRUKTURALARYŇ HOWPSUZLYGYNYŇ ÜPJÜN EDILMEGI BOÝUNÇA SEMINARY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 10-njy fewralynda Mary şäherinde Owganystan boýunça hyzmatdaşlygyň «Stambul prosessiniň» çäklerinde sebitleýin infrastrukturalaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça bilelikdäki türkmen-owgan seminary öz işine başlady.

Bu çärä Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler, içeri işler, goranmak, energetika ministrlikleriniň wekilleri we nebitgaz pudagynyň hünärmenleri, şeýle-de «Stambul prosessine» gatnaşyjy ýurtlaryň ygtyýarly wekilleri gatnaşýarlar. Seminar ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýardam bermeginde guralandyr.

Duşuşygyň maksady wehimleriň dolandyrylyşyna degişli bolan halkara tejribesiniň we çemeleşmeleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyndan we öňdebaryjy tejribeleriň alşylmagy arkaly «Stambul prosessiniň – Aziýanyň ýüregi» mazmunynda sebitleýin birleşdiriji infrastrukturanyň hereketiniň ýokarlandyrylmagyndan, sebitleýin serhetüsti hyzmatdaşlygyna ýardam bermekden ybaratdyr. 

Çäräniň birinji gününde taraplar Türkmenistanyň we Owganystanyň degişli edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini belläp geçdiler hem-de TOPH gaz geçirijisiniň we elektrik geçirijileriniň gurluşygy bilen birlikde sebitleýin infrastruktura taslamalarynyň has hem ilerledilmeginiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Seminaryň işi degişlilikde 12-nji fewrala çenli dowam eder.

Tag

Teswirler