Fewral 13, 2020 19:16 Asia/Ashgabat
  • ÝHHG we BMG-niň Terrorçylyga garşy müdirliginiň Wena şäherinde bilelikde geçiren maslahatynyň çäklerinde “Zorlukly ekstremizmiň ö bňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyna” bagyşlanan çäre geçirlidi

2020-nji ýylyň 12-nji fewralynda Awstriýanyň Wena şäherinde ÝHHG, BMG-niň Terrorçylyga garşy müdirligi bilen bilelikdäki terrorçylyga garşy ýokary derejeli sebitleýin maslahatynyň çäklerinde “Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020–2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli strategiýasyna” bagyşlanan çäre geçirlidi.

Bu çärede BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary we BMG-niň Terrorçylyga garşy müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow, BMG-niň Baş sekretarynyň yörite wekili we Merkezi Aziýa boýunça BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Greminger, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy Natalýa Drozd we Wena şäherinde ýerleşýän Halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili çykyş etdiler. Şeýle-de maslahata BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň, Halkara migrasiýa guramasynyň hem-de ÝHHG agza ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnagyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik wekili “Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020–2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli strategiýasy” bilen tanyşdyrdy.

Mundan başga-da Türkmenistanyň Milli strategiýasy işlenende hemmetaraplaýyn çemeleşme ýörelgesine aýratyn ünsüň berlendigi bellenildi. Munuň üçin 24 döwlet edaralaryndan we jemgyýetçilik guramalaryndan ybarat Iş topary düzüldi.

BMG we ÝHHG-niň ýokary wekilleriniň öz çykyşlarynda Türkmenistanyň sebitde howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde edýän tagallalaryna uly baha berendiklerini hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň içinde Türkmenistanyň zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça Milli strategiýasyny kabul eden ilkinji ýurtdygyna aýratyn üns çekendiklerini bellemek gerek. Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň ektremizme we terrorçylyga garşy alyp barýan işine ýokary baha berdiler

Teswirler