Fewral 16, 2020 22:47 Asia/Ashgabat
  • terrorizme garşy göreş barada Türkmenistan döwleti bir strategiýany öňe sürdi

Türkmenistanyň daşary işler ministrligi ekstremizme garşy göreş ugurda Türkmenistan döwletiniň bir milli strategiýany öňe sürendigini habar berdi.

Türkmenistan bu taslamany geçen hepde Ýewropanyň howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň arkalaşmagynda daşary ýurtly terrorçylar we dowam edýän çalyşlar ady bilen Wenada geçirilen konferensiýada öňe sürdi we gatnaşyjylar tarapyndan garşy alyndy diýip şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministrligi yglan etdi.

bu habar esasynda Türkmenistan ýurdy ekstremizme we terrorizme garşy göreş ugurda milli strategiýany taýýarlan birinji Merkezi Aziýa ýurdy hasaplanýandyr.

Türkmenistanyň Eýran,Gazagystan,Özbegistan we Owganystan ýurtlary bilen gury ýerden ortak serhetleri bardyr we Eýran,Gazagystan,Orsýet we Azerbaýjan Respublikasy bilen hem deňiz arkaly serhetdeşdir.

Merkezi Aziýa ýurtlary soňky ýyllarda ekstremizm we terrorizm howpy bilen ýüzbe ýüzdirler.

Tag

Teswirler