Fewral 28, 2020 20:37 Asia/Ashgabat
  • ŽENEWADA

ŽENEWADA “HAZAR DEŇZI SEBITINIŇ ULAG-ARAGATNAŞYK MÜMKINÇILIKLERI: AZERBAÝJAN WE TÜRKMENISTAN – IŇ GYSGA ÝOL” ATLY TEGELEK STOL GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda BMG-niň Ženewadaky edarasynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy we Azerbaýjanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde guramagynda “Hazar deňzi sebitiniň ulag-aragatnaşyk mümkinçilikleri: Azerbaýjan we Türkmenistan – iň gysga ýol” atly tegelek stol geçirildi.

Çäräniň dowamynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hanym O.Algaýerowa, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary jenap Umberto de Pretto, Demirýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň ýolbaşçysy jenap Tadeuş Žozda, Ulag diplomatiýasynyň halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary jenap I.Runow, Azerbaýjan Respublikasynyň ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministriniň orunbasary jenap E.Walizade, HHR-nyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili jenap Hu Çen, Ýewropa komissiýasynyň ulag we mobillik boýunça Baş direktorynyň halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygynyň orunbasary jenap Stefano Paçi (Brýussel ş.) hem-de birnäçe ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary (Täjigistan, Gyrgyzystan, Özbegistan we halkara guramalaryň wekilleri).

Çäräniň geçirilmeginiň esasy maksatlarynyň biri – Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky mümkinçiliklerini, ýurtlaryň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň infrastruktura syýasatyny we ýeten sepgitlerini, BMG-niň Baş Assambleýasynyň A/RES/72/212 «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak» atly Kararnamasynda agzalyp geçilen esasy ugurlar boýunça pikirleri we ulag ýollarynyň geljekki mümkinçiliklerini açyp görkezmekden ybarat.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy şu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenip geçilýändigini aýtdy hem-de Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy bolup durýan sebit we dünýä derejesinde ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýeti barada aýratyn belläp geçdi.

Tegelek stoluň ahyrynda Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna eýe bolmagynyň 25 ýylynyň içinde ulag ulgamynda (demirýol, awtomobil, howa we deňiz ýollary) gazanan üstünliklerini açyp görkezýän foto sergini gurnady.

 

Tag

Teswirler