Mart 25, 2020 20:26 Asia/Ashgabat
  • Koronanyň ýaýramagy sebäpli Türkmenistanda täze ýük kanunlary girizildi

Türkmen hökümeti korona wirusynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ýurtda täze transport kanunlaryny yglan etdi.

şu gün FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Türkmenistanyň täze düzgünlerine görä, Garabogaz, Farp we Türkmenbaşy halkara portundan ýükler diňe ýerli ýük kompaniýalary tarapyndan daşalýar.

şeýle hem ýük daşaýan gämiler Türkmenistanyň logistika kompaniýalaryna ýük geçirenden soň Türkmenistanyň çäginden çykmaly.

Bu çäklendirmeler korona wirusynyň öňüni alyş maksatnamasynyň çäginde daşary ýurtlar bilen türkmen raýatlarynyň arasyndaky gatnaşygy azaltmaga gönükdirilendir.

Türkmen hökümetiniň maglumatlaryna görä, şu wagta çenli ýurtda hiç bir adam korona keseline uçran däldir.

Teswirler