Mart 27, 2020 16:41 Asia/Ashgabat
  • Täjigistan we Türkmenistan Koronasyz ýurtlar

dünýä ýurtlarynyň şol sanda kä merkezi Aziýa ýurtlarynyň koronawirusy bilen ýaka towlaşyp duran wagtynda Täjigistan bilen Türkmenistan koronawirusyndan azat ýeke-täk merkezi Aziýa ýurtlary diýilip yglan edildi.

şu gün FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Täjigistan bilen Türkmenistan merkezi Aziýa ýurtlaryň arasynda koronawirusyndan halas bolan ýwkw-täk ýurtlardyrlar diýilip bütin dünýä saglygy goraýyş guramasy yglan etdi.

bütin dünýä saglygy goraýyş guramasynyň çykaran hasabaty boýunça häzirki wagtda dünýäniň 195 ýurdy koronawirusyna uçrandyrlar.

Täjigistan bilen Türkmenistanda koronawirusynyň ýoklygy yglan bolýan mahaly olaryň goňşy ýurdy bolýan Özbegistan korona keselinden bir adamyň ölendigini habar berdi.

Özbegistanyň saglygy goraýyş ministerligi bu ýurtda korona keseline uçran bir adamyň ölendigini habar bermek bilen bu wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak ugurda saglyk usullaryň göz öňüne alynmagyny nygtady.

Özbegiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň iň soňky statistikasyna görä, şu wagta çenli ýurtda koronawirusy 60 adama ýokaşandyr.

Tag

Teswirler