Mart 30, 2020 19:18 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan bilen BMG-nyň arasynda ekologiki hyzmatdaşlygy ösdürmek

Türkmenistanyň daşary işler ministri Aşgabadyň birnäçe halkara daşky gurşaw konwensiýasyna agzalygyny yglan etdi.

Reşit Merdow, Aşgabat bilen Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak pudagyndaky gatnaşygy güýçlendirmek barada aýdyp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen, şol sanda daşky gurşawy goramak babatynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň, ýurduň daşary syýasatynyň üstünliginekömek eýänligini aýtdy. 

Reşit Merdow Şeýle hem Türkmenistan ýakyn wagtda göçüp barýan guşlary goramak boýunça Bonn konwensiýasy ýaly halkara konwensiýalara gatnaşar diýip sözüniň üstüni ýetirdi.

Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow öz ýurdunyň häzirki wagtda ekologiýa pudagyndaky 20 halkara konwensiýasyna gatnaşýandygyny aýtdy.

Bu maksatnamalaryň çäginde Türkmenistanda energiýa tygşytlamak üçin täze tehnologiýalar giňden ulanylýar diýip Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow sözüne goşdy.

Tag

Teswirler