Aprel 08, 2020 21:16 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi:Türkmenistan Amerikadan maliýe kömegini alan däldir

Türkmenistanyň Daşary işler ministrli bu ýurduň geçen 20 ýylyň boýunda Amerikadan maliýe kömegini almandygyny aýtdy.

FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi çykaran beýannamasynda bu ýurduň Amerikadan millionlarça dollar kömek almagy barada günbatar we halkara habar serişdeleriniň ýaýradan habarlaryny ýalana çykarmak bilen Türkmenistan döwleti resmi tärde bu maglumatlary ret edýändir diýip yglan etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrli şeýle-de koronawirusyna garşy göreşiň çarçuwasynda Amerikanyň Türkmenistana 920 müň dollar kömek etmegi baradaky maglumatlary hem ýalana çykardy.

Amerikanyň geçen 20 ýyllykda Türkmenistana 201 million dollar kömek etmegi baradaky maglumatlary şol sanda korona garşy göreşiň galybynda Waşingtonyň Aşgabada 920 müň dollar kömek etmegi baradaky maglumatlary ilki bada Amerikanyň Aşgabatdaky ilçihanasy neşir edendir we soň günbataryň habar serişdeleri hem şol maglumatlara esaslanyp ony gaýtadan neşir edendirler.

Şeýle-de bolsa, Türkmeniň Daşary işler ministrliginiň bu maglumatlary ret edendigine garamazdan, Amerikanyň Aşgabatdaky ilçihanasy hakykata laýyk däl maglumatlaryň ýaýramagynyň sebäbi hökmünde işini dowam etdirýändir.

Teswirler