Aprel 10, 2020 13:54 Asia/Ashgabat
  • Bredi Muhammetowyň Koronanyň Türkmenistana girmeginiň öňüni almak baradaky buýruklary

Türkmenistanyň prezidenti korona wirusynyň ýurda girmeginiň öňüni almak üçin lukmançylyk çäreleriniň güýçlendirilmegini isledi.

FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Türkmenistanyň prezidenti Gürbanguly Berdymuhamedow Türkmenistanda geçirilen ministrler kabinetiniň ýygnagynda ähli türkmen raýatlarynyň saglygyna hemişelik gözegçilik edilmegini we Koronawirusynyň ýurda girmeginiň öňüni almak üçin lukmançylyk synaglaryň geçirilmegini isledi.

Türkmenistanyň prezidentiniň pikiriçe, ýörite lukmançylyk toparlarynyň döredilmegi bilen çagalar baglaryna, mekdeplere we uniwersitetlere gözegçilik güýçlendirilmelidir.

Türkmenistanda şu wagta çenli korona keseline duçar bolan adam hasaba alynan däldir we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri hem muny tassykladylar.

Sebitleýin habar beriş serişdeleri ýurduň welaýatlarynyň arasynda ulag gatnawyna çynlakaý çäklikleriň girizilendigini habar berýär.

daşary ýurtly syýahatçylar hem Türkmenistanyň käbir serhetýaka şäherlerinde karantinada saklanylýandyrlar.

Tag

Teswirler