Maý 28, 2020 16:34 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan bilen Owganystanyň prezidentleri telefon arkaly söhbetdeş boldylar

Türkmenistanyň we Owganystanyň prezidentleri telefon arkaly ikitaraplaýyn we halkara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

FARS habarlar gullugynyň Bişkekden beren habaryna görä,Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Türkmeniň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow ikitaraplaýyn syýasy, söwda, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň ösmegine ünsi çekdi.

Şeýle hem Aşraf Gani Türkmenistanyň Owganystan üçin alyp barýan haýyr-sahawat we parahatçylykly tagallalaryna minnetdarlyk bildirdi.

iki tarap şeýle-de koronawirusynyň ýaýramagyndan soň bilelikdäki energiýa we saglyk taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Tag

Teswirler